Işewürlik wezipelere tehnologiki çözgütler

Siziň işiňizi aňsatlaşdyrmak üçin IT çözgütler

Goldaw we hyzmat

Görmek

Innowasion we strategiki taslamalar

Görmek

Set infrastrukturasу we serwer çözgütleri

Görmek

Kiberhowpsuzlyk we maglumatlary goramak

Görmek

Biziň ugurlarymyz

Öz täjirçilik işiňi hil taýdan täze derejä çykar

Türkmen-Tranzit kompaniýasynyň işleri elektron resminama dolanyşygyny ornaşdyrmaga, işewür prosesleri awtomatlaşdyrmaga we innowasion IT taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Kompaniýa serwer we tor çözgütlerini dizaýn edýär, üpjün edýär we ornaşdyrýar, IT infrastrukturasyny tehniki taýdan goldaýar we hyzmat edýär. Esasy ugurlardan biri kiberhowpsuzlyk we korporatiw maglumatlary goramakdyr.

Kompaniýa barada

Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmekde ýokary maksatlary gazanmaga ýardam berýäris.

“Türkmen Tranzit” kompaniýasy maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalary çygrynda işleýän ýokary tehnologiki kompaniýany esaslandyrmak pikirini durmuşa geçirmek maksady bilen 2010-njy ýylda döredildi we hasaba alyndy. Biziň kompaniýamyz ulgamlaýyn integratordyr, ol ýokary tehnologiki enjamlaryň öňdebaryjy dünýä öndürijleriniň enjamlaryny müşderiler üçin toplumlaýyn getirmegi amala aşyrýar.

Dowamy

1000+

Ýerine ýetirilen taslamalar

0

Kompaniýanyň işgärleri

0

Kompaniýanyň bölümleri

0

Ýyldan bäri bazarda

Näme üçin bizi saýlaýarlar?

Tejribe

16 ýyl tejribe we 500-den gowrak ýerine ýetirilen taslama, hünärmen inženerler topary

Ýokary hünär derejesi

Hyzmatlaryň doly tapgyry — üpjün etmekden ornaşdyrmaga we goldamaga çenli

Yzygiderli goldaw

Kepillikli goldaw, okuw we islendik meseleler üçin çeýe çözgütler

Bize bil baglaýarlar

Işimiz barada Siziň pikiriňizi bilmek biz üçin wajypdyr

DMITRIÝ GONÇAROW

Telekeçi

Biz “Türkmen-Tranzit” HJ bilen 2017-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýäris. Kompaniýa ýokary hünär derejeli işi we müşderilere ýakyndan üns berýändigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmek isleýäris. Işde her hili kynçylyklara we dürli meselelere duçar bolanymyzda, mydama Siziň agzybir we ýokary hünär derejeli işgärler toparyňyz kömege ýetişýärdi.

JAHAN GUTIÝEWA

at event

Menejer

Biz “Bitriks24” ulgamyny 2018-nji ýylyň iýulyndan bäri ulanyp gelýäris. Ähli wezipeler, resminamalar, müşderileri dolandyrmak - bularyň barysy bir ýerde jemlenendir. “Bitriks24” kömegi bilen ähli işlerimiz mese-mälim gowulaşdy, işimizde ähli resminamalary “Bitriks24” ulgamy arkaly ulanýarys, bu bolsa birtopar kagyz bilen işläniňe görä has amatlydyr. “Bitriks24” biziň üçin diýseň amatly programma goşundysydyr.

Meýlis Atabaşyýew

GS1 Turkmenistan

Esasy hünärmen

“GS1 Turkmenistan” kärhanasy 24.02.2018 ýyldan bäri “Bitriks24” ulgamyny ulanýar. “Bitriks24” ulgamy bize hyzmatlary çalt ýerine ýetirmäge we öňde goýlan wezipeleri öz wagtynda çözmäge ýardam etdi. Şu günki güne çenli bu ulgam hiç bir bökdençsiz işleýär we hiç hili näsazlyklar ýüze çykmady, “Turkmen-Tranzit” HJ-niň işgärleri ähli ýüztutmalarymyza dessine seslenýärler.

M.ANNAMÄMMEDOW

“NURLY DERBENT” HK

Baş direktor

“1C:Kärhana” programma üpjünçiligi üçin Size öz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Bu programma bize öz wagtymyzy tygşytlamaga hem-de köpsanly hünärmenlik meselelerini çözmek arkaly işgärlerimiziň işini düýpli ýeňilleşdirmäge ýardam etdi, çünki bu programmada häzirki döwür üçin iň bir derwaýys meseleler göz öňünde tutulypdyr.

H. IZMAÝLOW

“MYNASYP ZAMANA” HJ

Baş direktor

“Turkmen-Tranzit” HJ-niň işgärler toparyna netijeli hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirýäris. Ak ýürekden we özara düşünişmek bilen alyp barýan işiňiz, habarlaşmak üçin ygtybarly salgylaryňyz üçin minnetdarlyk bildirýäris. Siziň şereketiňizde işleýän ýokary ygtyýarly we hünär derejeli işgärler düzüminiň işinden doly kanagatlanýandygymyzy mälim edýäris.

B.H. SARYÝEW

Telekeçi

Size işiňizde üstünlikler arzuw edýäris we mundan beýläk hem özara bähbitli hyzmatdaşlyga bil baglaýarys. Siziň kompaniýaňyz müşderiler bilen işleşmekde ýokary hil derejesine eýe bolup, ähli ýüztutmalara derhal jogap berýär, hut şu sebäpden Size öz minnetdarlygymyzy bildirýäris.

Sahatkuliýew Yu.M.

"Türkmengazüpjünçilik" birleşigi

Baş buhgalter

" Türkmengazüpjünçilik "birleşigi," Türkmen-Tranzit " HJ-niň toparyna eden işleri üçin minnetdarlyk bildirýär. Kompaniýanyň hünärmenleri, töleg terminallary arkaly maglumat bazasy bilen nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmak, onuň analitikasyny we hasabatyny amala aşyrmak programmasyny taýýarladylar. Hyzmatdaşlygyň dowamynda kompaniýanyň işgärleri özlerini professional topar hökmünde görkezendiklerini belläp geçesimiz gelýär. Size üstünlik we mundan beýläk-de ösüşler arzuw edýäris.

Batyrow N.

"Türkmengazüpjünçilik" birleşigi

Direktor

"Nur Bina Gurluşyk" HK-sy, "Türkmen-Tranzit" kompaniýasyna özara peýdaly hyzmatdaşlygy, öz wagtynda sargytlary ýerine ýetirmekde amala aşyrýan işi üçin minnetdarlyk bildirýär. "Nur Bina Gurluşyk" HK-sy, "Türkmen-Tranzit" kompaniýany ýokary hünär derejesinde çylşyrymly işleri ýerine ýetirip bilýän jogapkär we ygtybarly kompaniýa hökmünde maslahat berip biler. Size we kompaniýaňyza gülläp ösmegini we täze taslamalary durmuşa geçirmekde üstünlik arzuw edýäris.

T.G. Gurbanow

Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty

Başlygyň orunbasary

“Türkmen-Tranzit” HJ-niň işgärler toparyna ajaýyp ýerine ýetirilen işleri üçin uly minnetdarlyk bildirmek isleýäris. Işleri ýerin ýetirmegiň dowamynda “1С: Kärhana 8.3”, "1С: ERP Kärhanany dolandyrmak” ýaly programma önümleriniň esasynda hasaba alyş ulgamynyň ýokary guramaçylykly goldawy ýerine ýetirildi. “Türkmen-Tranzit” kompaniýasyny “1С” programma önümlerini ornaşdyrmak we goldawyny ýerine ýetirmek boýunça ygtybarly, ak ýürekli we ýokary hünärmenlik derejeli hyzmatdaş hökmünde ynamly maslahat berip bileris.

S.T. Baýseýidow

"Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody"

Direktor

"Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody" AGPJ okuwlary, tehniki goldawy ýokary hilde geçirendigi, hasaba alyş meselelerini çuňlaýyn bilýändigi we tutuş programma üçin hem “Türkmen-Tranzit” HJ öz minnetdarlygyny bildirýär. Biz “Türkmen-Tranzit” HJ-ni ygtybarly hyzmatdaş we 1С hyzmatlaryny üpjün ediji hökmünde, şeýle hem olary ornaşdyrmak we üstüni ýetirip işlemek boýunça hyzmatlary üpjün ediji hökmünde maslahat berýäris.

Biz bilen işleşýärler

Dünýä belli IT kompaniýalary

Biziň salgymyz

Biz bilen habarlaşyň, amatly çözgüt saýlamaga ýardam ederis

Aşgabat

HJ “Turkmen-Tranzit” -2010 ý.

Bitarap Türkmenistan şaýoly, 532
Telefon: +993(12) 94-15-11
Faks: +993(12) 94-29-59

E-mail

info@turkmen-tranzit.com